Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp britan premýer-ministri bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý bilen gepleşikleri geçirýär. London. 4-nji iýun, 2019 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýa edýän saparynyň ikinji gününde premýer-ministr Tereza Maý bilen gepleşikleri geçirdi. Bu aralykda Londonyň merkezinde onlarça müň adamyň gatnaşmagynda Trampa garşy protestleriň geçirilmegine garaşylýar.

Resmiler Tramp bilen Maýyň gepleşikleriniň dowamynda Hytaýyň maslahat edilendigini aýtdylar.

Waşington täze 5G telekomunikasiýa torlarynyň ornaşdyrylmagynda Hytaýyň Huawei kärhanasynyň gatnaşdyrylmazlygyny gazanjak bolýar. Waşington Hytaý hökümetiniň muny içalyçylyk maksatlary üçin ulanyp biljekdigine howatyrlanma bildirýär.

Pikir soralyşyklaryň netijeleri Trampyň britaniýalylaryň arasynda meşhurlyga eýe däldigini görkezdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG