Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güman edilýän jeňçiler Sinai ýarymadasynda azyndan 10 harbyny öldürdiler


Müsür. Demirgazyk Sinai. Harby operasiýa mahalynda. Arhiw suraty

Güman edilýän yslamçy jeňçiler Müsüriň Sinai ýarymadasynda barlag nokadyna hüjüm edip, howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 agzasyny öldürdiler diýip, Müsüriň polisiýa resmileri aýtdy.

Resmiler bu hüjümiň 4-nji iýunda, al-Ariş şäheriniň musulmanlarynyň Ramadan aýynyň aýagyndaky Eýd- al-Fitr baýramçylygyny bellemek üçin namaza duran wagtlarynda gurnalandygyny aýtdylar.

Olaryň sözlerine görä, iki ofiser, sekiz sany hem harby gulluga alnan esger öldürildi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Žurnalistlere maglumat bermek üçin ygtyýary bolmadyk resmileriň anonimlik şertinde aýtmaklaryna görä, hüjümçiler çölde gaçyp gutuljak bolup, barlag nokadyndaky bronly tehnikany alyp gidipdirler. Emma söweş uçary olaryň yzyndan ýetip, azyndan bäşisini öldüripdir.

Müsür demirgazyk Sinaide “Yslam döwleti” topary bilen iltewli jeňçilere garşy ýyllap göreş alyp barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG