Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: ABŞ, Britaniýa Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni almakda “aýgytly”


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britan premýer-ministri Tereze Meý bilen metbugat ýygnagynda. 4-nji iýun, 2019. London.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britan premýer-ministri Tereze Meý bilen metbugat ýygnagynda. 4-nji iýun, 2019. London.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşington we London Eýranyň ýadro ýaraglaryny öndürmezligini we terrorçylyga goldawyny togtatmagy “gazanmakda aýgytly” diýdi.

“Biziň döwletlerimiziň ýüzbe-ýüz bolýan esasy howp-hatarlarynyň arasynda ýadro ýaraglaryny ýasamak we ýaýratmak, belki-de, biziň üçin iň uly wehimdir” diýip, Tramp Londonda 4-nji iýunda guralan metbugat ýygnagynda, premýer-ministr Tereze Meýiň gapdalynda durup aýtdy.

“Birleşen Ştatlar we Birleşen Patyşalyk Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmezligini, terrorizmi goldamagyny we oňa goşulmagyny togtatmakda aýgytly” diýip, ol aýtdy.

Trampyň bu sözleri Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär. Waşington bir ýyl ozal Tähranyň dünýä döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykdy.

Bu şertnama Eýrana ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine sanksiýalardan boşadylmak mümkinçiligini berýärdi. Tramp ABŞ-nyň bu şertnamadan çykýandygyny yglan edip, onuň şertleriniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik däldigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG