Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Türkmenistan size galan mirasmy?


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Hormatly Arkadag!

Size hormatly diýýärin,sebäbi eýeleýän wezipäňiz sebäpli. Bolmasa 20 teňňe degeriňiz bar ýa ýok.

Näme üçin siz ýurtdan adamlaryň daşary döwletlere gitmäge mejbur edýäňiz? Azar bermedik ýeriniz galmady.

Köçedäki taksilere çenli eliniz ýetti. Asyl seredip otursak Aşgabat şäheriniň sary taksileriniň eýesi sizin uýalarynyza degişli edilipdir. Olaram her maşyna günlik 400 manat salgyt salýarmyş, sebäbi" biz hemme köçedäki klientleri hökümet taksileri alar ýali etdik" diýýärmiş.

Ýene de bir zat Täze Aý hojalyk jemgiýetinem siziň ýegenler alypdyr diýip gürrinler bar. Näme indi Türkmenistandaky hemme hususy kärhana, girdeýji getirýän hojalyk jemagatlar,edaralar siziňki bolmaly?

Näme size Türkmenistan ejenizdan, kakanyzdan galan MIRAS my? Yurt sizin ejeniziň hususy mellegi mi edeninizi edip ýörsüniz?

Wagyt geler gaçyp sypsanyz kaýyl gelersiňiz enşalla. Şeýle de siz atdan ýykylaňyzda ýegen garyndaşlarňyz eýýämden aeroportda otyr diýýärmiş gaçyp gitmek üçin.

Şeýle gürrinleri bilmeýän bolmasa gerek. Siziň janynyzam demirden däldirä, wagty geler size de galmaz bu dünýe, Turkmenbaşam ölmejek ýali di, sizem galmarsyňyz. Anha şonda yzynyzdakylardan hasaby soralar enşalla.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG