Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew gündgardaky söweşde üç esgeriniň öldürilendigini, üçüsiniň ýaralanandygyny aýdýar


Ukrain esgerleri Horliwkanyň golýayndaky söweş berkitmesinde. Donetsk regiony. Arhiw suraty
Ukrain esgerleri Horliwkanyň golýayndaky söweş berkitmesinde. Donetsk regiony. Arhiw suraty

Ukraina Gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen çaknyşyklarda üç esgeriniň öldürilendigini, ýene üç esgeriniň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýar.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 5-nji iýunda separatist söweşijiler pulemýotlardan, tanka garşy raketalardan, mergen tüpeňlerinden ot açanda, granat zyňanlarynda üç esgeriň öldürilendigini, üç esgeriň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Bu, aýdylmagyna görä, 24 sagat içinde ýaraşyk düzgünleriniň 16 gezek bozulmagy bolýar.

Ministrlik ukrain güýçleriniň hem azyndan bir separatisti öldürip, beýlekisini ýaralandygyny aýtdy.

Agyr ýaraglary, şol sanda tanka garşy raketalary ulanmak Minsk parahatçylyk şertnamasy astynda gadagan edilýär.

2014-nji ýylyň aprelinden bäri Kiýew güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda Donetsk we Luhansk regionlarynyň belli-belli ýerlerine kontrollyk üstünde barýan söweşlerde 13 müň çemesi adam öldürildi.

Minsk şertnamasynyň bölekleri hökmünde 2014-nji ýylyň sentýabrynda we 2015-nji ýylyň fewralynda yglan edilen ýaraşyk ylalaşyklary söweşleriň azalmagyna belli bir derejede kömek etdi, ýöne olaryň doly togtadylmagynyň hötdesinden gelmedi.

8-nji martda täze ýaraşyk ylalaşygy baglaşyldy, emma taraplar şondan bäri onuň bozulmagynda bir-birini günäläp gelýär.

Şu aralykda Ukraina 4-nji iýunda Halkara Adalat sudunda Orsýetiň Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň ýurduň gündogaryndaky “terror hereketleriniň” öňüni alyp bilmändigini öňe sürdi.

Şeýle-de, Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiý 5-nji iýunda NATO agzalygy babatda referendum geçirmek wadasyny berdi, Moskwa bu ýurduň Ýewropa we Ýewro-Atlantik integrasiýasyna ýykgyn etmegine berk garşy durýar.

XS
SM
MD
LG