Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ykdysadyýetiniň aladaly ýagdaýynda Sankt-Peterburgda Halkara ykdysadyýet forumy açyldy


Rus prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň prezidenti Sin Jinpingiň bilen. Moskwa, 5-nji iýun, 2019.

Orsýetiň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgda 6-njy iýunda, rus prezidenti Wladimir Putiniň we Hytaýyň prezidenti Sin Jinpingiň, beýleki birnäçe lideriň gatnaşmagynda Halkara ykdysadyýet forumy açyldy.

Putin üç günlük forumyň gapdalyndan şu gün giçlik bolgar prezidenti Rumen Radew, slowak premýer-ministri Peter Pellegrini, Ermenistantň premýer-ministri Nikol Paşinian bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Putine we beýleki daşary ýurt liderlerine forumyň plenar sessiýasynda, 7-nji iýunda goşular.

ABŞ resmileri bu forumda kän görünmeýär, ABŞ-nyň esasy korporasiýalarynyň ýokary ýolbaşçylary hem ondan daşrakda durýarlar.

ABŞ-nyň ilçisi Jon Huntsman we amerikan resmileri, esasan tanymal amerikan maýadary Maýkl Kelwiýiň (Michael Calvey) Orsýet tarapyndan fewralda tussag edilmegi bilen baglylykda,Sankt-Peterburg forumyny boýkot edýärler.

Bu forum 1997-nji ýylda döredildi we 2006-njy ýyldan bäri rus prezidentiniň diwany tarapyndan gurnalýar. Geçen ýyl bu foruma 17 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu ýyldaky forum Orsýetiň ykdysadyýetindäki aladaly ýagdaýlaryň arasyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG