Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň raketa we kosmos enjamlaryny işläp düzýän institutynyň ozalky işgäri döwlete dönüklikde aýyplandy


Moskwa sudy Roman Kowalýowy iki aýlyk deslapky tussaghana ugratdy.
Moskwa sudy Roman Kowalýowy iki aýlyk deslapky tussaghana ugratdy.

Rus häkimiýetleri Orsýetiň raketa we kosmos enjamlaryny işläp düzýän institutynyň ozalky işgärini döwlete dönüklikde aýypladylar, ol bir ýyla golaý wagt bäri tussaglykda saklanylýardy.

Moskwa sudy Roman Kowalýowy iki aýlyk deslapky tussaghana ugratdy diýip, onuň ogly 5-nji iýun güni giçlik MBKh media online habar agentligine aýtdy.

Ýaroslaw Kowalwoýyň sözlerine görä, onuň kakasy polisiýa tarapyndan kwartirasy we paýtagtyň golaýyndaky daçasy dökülenden soň, döwlete dönüklik aýyplamasy astynda tussag edildi.

Kowalýow merkezi maşyn gurluşygy ylmy-barlag institutynda 75 ýaşyndaky ylmy barlagçy Wiktor Kudrýawtsew bilen bile işleýärdi. Kudrýawtsew 2018-nji ýylyň iýulynda, gipersonik, sesden çalt tehnologiýalar baradaky gizlin maglumaty Belgiýadaky bir ylmy-barlag edarasynda geçirmekde güman edilip tussag edildi.

Onuň aklawçylary noýabrda Kudrýawtsewiň deslapky tussaghanadan öý tussaglygyna geçirilmegi üçin Kowalýowyň garşysyna görkezme bermek teklibinden boýun gaçyrandygyny aýtdylar.

Kudrýawtsewiň we Kowalýowyň garşysyna gozgalan jenaýat işleri Orsýetde soňky ýyllarda raýatlary döwlete dönüklikde ýa-da gizlin maglumaty ýaýratmakda aýyplap açylan birnäçe işiň diňe biri bolup durýar.

XS
SM
MD
LG