Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kudrin: Orsýetden nagt pul çykarylmasy iki esse köpelip, 40 mlrd dollara ýetdi


Orsýetiň ozalky maliýe ministri Alekseý Kudrin
Orsýetiň ozalky maliýe ministri Alekseý Kudrin

Orsýetiň ozalky maliýe ministri we prezident Wladimir Putiniň ýakyn egindeşi Alekseý Kudrin ýurtdan onlarça milliard dollar nagt puluň çykmagynyň tanymal amerikan maýa dolandyryjysynyň tussag edilmegi bilen baglanyşdyrylyp biljegini aýtdy.

Kudrin 6-njy iýunda Sankt-Peterburgdaky Halkara ykdysadyýet forumynda çykyş edip, Maýkl Kelwiýiň tussag edilmegini Orsýetiň ykdysadyýeti üçin “sarsgyn” atlandyrdy we onuň fewralda tussag edilmeginiň nagt pul çykarylmagynyň iki esse köpelmegine getirendigini aýtdy.

"Şübhesiz, [Kelwiýiň tussag edilmegi] bir sarsgyn boldy. Şu ýylyň başyndan bäri Orsýetden nagt pul çykarylmagy iki esse köpelip, 40 milliard dollara ýetdi” diýip, häzir Audit palatasyna, hökümet harajatlarynyň harçlanyşyna gözegçilik edýän gurama ýolbaşçylyk edýän Kudrin aýtdy.

1994-nji ýylda gönümel inwestisiýalaryň moskwa toparyny, “Baring Vostok Capital Partners” guramasyny esaslandyran Kelwiýiň tussag edilmegi günbatarly maýadarlaryň köpüsini aňk etdi we Orsýetiň ýokary derejeli biznes ýolbaşçylarynyň we hökümet resmileriniň zeýrençlerine sebäp boldy. Olar sudlaryň we prokurorlaryň delillerini sorag astyna salýarlar.

XS
SM
MD
LG