Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar liderleri “D gününiň” 75-nji ýyldönüminde weteranlara minnetdarlyk bildirýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Normandiýada geçirilen ýatlama çäresinde çykyş edýär. 6-njy iýun, 2019-njy ýyl.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Normandiýada geçirilen ýatlama çäresinde çykyş edýär. 6-njy iýun, 2019-njy ýyl.

“D güni” diýlip bilinýän wakanyň 75-nji ýyldönüminde Günbatar liderleri Fransiýanyň Normandiýa şäherinde ýygnanyp, II Jahan urşunda ýaranlyk güýçleriň demirgazyk Fransiýa giren güni wepat bolanlary hatyralamak hem-de weteranlaryny sylaglamak çärelerine gatnaşdy.

Normandiýada geçirilen dabarada eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp “D gününiň” weteranlaryny “taryhyň iň beýik amerikanlarynyň hataryndakylar” atlandyrdy. Dabara günbatar döwletleriniň baştutanlary hem-de 1944-nji ýylyň 6-njy iýun güni amala aşyrylan harby operasiýada aman galan weteranlar gatnaşdy.

Britaniýanyň premýer ministri Tereza Meý hem-de Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň hem gatnaşan çäresinde eden çykyşynda Tramp: “Siz taryhyň iň beýik amerikanlarynyň hataryndasyňyz! Siz biziň milletimiziň buýsanjysyňyz! Siz biziň respublikamyzyň şöhratysyňyz we biz size çyn ýürekden minnetdarlyk bildirýäris!” diýdi.

Köpüsi inwalid oturgyjynda dabara gatnaşan 60 uniformaly weteranyň öňünde sözlän sözünde Meý: “Eger Fransiýada, Britaniýada, Ýewropada we tutuş dünýäde geljek nesillleriň ykbalyny kesgitlän bir gün bar bolsa, şol gün 1944-nji ýylyň 6-njy iýunydyr. Biz size sagbolsun aýdýarys!” diýdi.

Weteranlaryň öňünde iňlis dilinde çykyş eden Makron olara ýüzlenip: “Weteranlar, nämäni biz size borçludygymyzy bilýäris – erkinligimizi. Men öz milletimiň adyndan size sagbolsun aýdýaryn!” diýdi.

“D güni” “Hökümdar Operasiýasy” atly harby hereketiň başlanan günüdir. Ýaranlyk güýçleri şol gün nasist Germaniýanyň şondan bir ýyl soňra gutarnykly ýeňlişini gazanmak üçin aýgytly goşant goşdular.

Operasiýa Birleşen Ştatly general Dwaýt D. Aýsenower (Dwight D. Eisenhower) ýolbaşçylyk etdi. Bu harby operasiýa Normandiýanyň deňiz kenarynyň 80 kilometrlik böleginden 7 müňe golaý gämi girdi.

Iki tarapdanam müňlerçe adam öldürildi.

Soňra Makron we Tramp Coleville-sur-Merde ýerleşýän Normandiýanyň Amerikan gonamçylygynda uruşda wepat bolan amerikaly harbylary zyýarat etdi. Ol ýerde “D gününde” 2400 amerikan harbysy wepat boldy.

Goranyşa degişli maliýe borçnamalaryny berjaý edip bilmeýän NATO agzalaryny gaýta-gaýta tankyt edýändigine garamazdan Tramp pursatdan peýdalanyp, Birleşen Ştatlaryň ýaranlary bilen gatnaşyklarynyň “berkdigine” ynandyrmalaryny beýan etdi.

5-nji iýunda Russiýanyň Daşary işler ministrligi bu harby operasiýalaryň urşuň netijesine aýgytly täsir etmändigini öňe sürdi.

5 ýyl mundan ozal “D gününiň” 70-nji ýyldönümini hatyralamak çärelerine gatnaşan Wladimir Putin Portsmoutda geçirilen çärelere çagyrylmady.

Sowet Soýuzy “Hökümdar Operasiýasyna” gatnaşmady, ýöne ol Günorta frontdaky hüjümi bilen nasist Germaniýasyny ýeňlişe sezewar etmäge ýardam berdi.

XS
SM
MD
LG