Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Regional topar Orsýeti we beýleki Wenezuela ýaranlaryny Madurony gyraklatmakda kömege çagyrýar


Wenezuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaido Lima toparynyň duşuşygyna gatnaşýar. Arhiw suraty. 25-nji fewral, 2019.

Amerikalardaky ýurtlaryň regional bileleşigi halkara jemgyýetçiligini Wenezuelanyň ýaranlaryna, şol sanda Orsýete Günorta Amerikan ýurdunda çuňlaşýan krizisi çözmekde we onuň “bikanun” hökümetini aýyrmak kömeginde has kän basyş etmäge çagyrdy.

“Lima Group” 6-njy iýunda çap eden beýanatynda “Nikolas Maduronyň bikanun hökümetini goldaýn ýurtlar, hususan-da Orsýet, Hytaý, Kuba we Türkiýe bilen aragatnaşygy çuňlaşdyrmagyň, olary regiona barha kän täsir ýetirýän krizisi çözmegiň bir bölegine öwrülmäge çagyrmagyň ähmiýeti” nygtalýar.

“Lima Group” 2017-nji ýylda, Maduronyň ýolbaşçylygynda uzaga çeken Wenezuela krizisine çözgüt tapmak üçin döredildi.

Häzirki beýanat Guatemala şäherinde bolan duşuşykdan soň çap edildi, oňa agza ýurtlar - Argentina, Brazil, Kanada, Çili, Kolombia, Kosta Rika, Guatemala, Honduras, Panama, Paraguay we Peru gol çekdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG