Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harby serkerdesi amerikan goşunlary güýçlendirilenden soň Eýranyň yza tesendigini aýdýar


General Frank MakKenzie. Arhiw suraty
General Frank MakKenzie. Arhiw suraty

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby serkerdesi olaýda bu sebitdäki amerikan harby güýçleri kuwwatlandyrylandan soň, Tähranyň Pars aýlagyndaky ABŞ güýçlerine hüjüm etmek meýlinden yza çekilendigini, emma Tährandan abanýan wehimiň “örän real” bolup galýandygyny aýdýar.

General Frank MakKenzie 6-njy iýunda Tähran görnetin hüjüm taýýarlyklaryndan soňra “yza çekilmek we täzeden hasaplamak” ugruny saýlap aldy diýdi.

Emma ol özüniň şindi hem Eýranyň mümkin bolan argessiýasyndan alada galýandygyny aýtdy.

"Men hakykatda bu howp azalandyr öýtmeýärin. Men bu howpuň örän hakykydygyna ynanýaryn” diýip, MakKenzie Bagdatda, bu sebite sapary mahalynda özüniň ýanynda bolan üç žurnalist bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesiniň başlygy MakKenzie, Eýrandan abanýan howp-hatarlara garşy goragy güýçlendirmek üçin, bu sebite ABŞ-nyň goşmaça güýçleriniň getirilmek ähtimallygyny hem aradan aýyrmady.

XS
SM
MD
LG