Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal derňew žurnalisti Moskwada neşe aýyplamasynda tutuldy


Tanymal derňewçi žurnalisti Iwan Golunow

Düýbi Latwiýada ýerleşýän garaşsyz Meduza habar saýtynyň tanymal derňewçi žurnalisti Iwan Golunow Moskwada tussag edildi we urlup-ýenjildi. Ol, hamala, bikanun neşe satmak synanyşygynda aýyplanýar diýip, onuň aklawçysy we işgäri aýtdy. Ol tanymal rus žurnalistiniňbu aýyplamalary ret edýändigini hem sözüne goşdy.

Golunowyň aklawçysy Dmitriý Džulaý Meduza polisiýanyň öz müşderisini 6-njy iýun güni öýlän Moskwanyň merkezinde tussag edendigini, biraz soňra onuň arka sumkasyndan içinde neşe bardygy çaklanylýan haltajygyň "tapylandygyny" aýtdy. Golunow bu haltajygyň özünikidigini ret etdi diýip, Džulaý aýtdy.

Soňra onuň kwartiasyndan başga-da haltajyk we tereziler tapyldy. Geçirilen barlaglar bu maddalaryň sintetiki stimulant neşedigini, mefedrondygyny görkezdi.

Golunow indi bikanun neşe getiriji hökmünde aýyplanýar. Aklawçysy onuň bu aýyplamany ret edýändigini, bu neşe maddalarynyň özüne atylandygyna ynanýandygyny aýdýar.

Džulaý Golunowyň urlandygyny we ençeme sagatlap öz aklawçysyna, garyndaşlaryna jaň etdirmän saklanandygyny hem gürrüň berdi. Aklawçynyň derňew üçin Golunowyň dyrnaklaryny almak, ýaralaryny hasaba almak üçin lukmanlary çagyrmak barada eden talaplary hem polisiýa tarapyndan ret edildi.

Moskwa polisiýasy žurnalistiň urlandygy barada aýdanlaryny ret etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG