Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy bilen iltewli nebit läheňine garşy sanksiýa girizýär


ABŞ-nyň Gazna departamentiniň Waşingtondaky binasy
ABŞ-nyň Gazna departamentiniň Waşingtondaky binasy

ABŞ-nyň Gazna departamenti Eýranyň Pars aýlagy Nebithimiýa senagaty kompaniýasyna (Persian Gulf Petrochemical Industries Company (PGPIC) garşy sanksiýalary yglan etdi.

Bu çäre Tährany öz ýadro we ballistik raketa programmalaryny çäklendirmek boýunça täze ylalaşyklar barada gepleşige çekmek tagallalalary bilen görkezilýän basyşyň çäginde görüldi.

Eýran bu çäre ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gepleşmek babatda aýdanlarynyň çyn däldigini görkezdi diýdi.

Pars aýlagy Nebit-himiýa senagaty kompaniýasyna we onuň 39 firmasyna we daşary söwda agentlerine garşy girizilen sanksiýalar 7-nji iýunda yglan edildi.

Eýranyň nebit-himiýa önümçiliginiň 40 prosenti, nebit-himiýa eksportynyň 50 prosenti şu kompaniýanyň paýyna düşýär.

Gazna departamentiniň beýanatynda bu kompaniýanyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy tarapyndan goldanylýan we ozal “daşary ýurt terror guramasy” diýlip tagmalanan kompaniýa maliýe kömegini berýändigi aýdylýar.

Onda Eýranyň Nebit ministrliginiň 2018-nji ýylda Khatam al-Anbiyany, YRGK-nyň ykdysady we inženerçilik goluny nebit we nebit-himiýa senagatlarynda bahasy 22 mlrd dollara barabar 10 taslama bilen sylaglandygy, bu serişdäniň Rewolýusiýa gwardiýasy korpusynyň resmi býujetinden dört esse kändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG