Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde tanymal derňewçi žurnaliste resmi taýdan 'neşe satmak' aýyplamasy bildirildi


Moskwa. Iwan Golunow sud öňüne çykarylmazdan öň sud binasynyň öňünde protestini bildirýän raýat.
Moskwa. Iwan Golunow sud öňüne çykarylmazdan öň sud binasynyň öňünde protestini bildirýän raýat.

Rus derňewçi žurnalisti resmi taýdan neşe aýyplamasynda aýyplandy, rus we halkara žurnalistler hem-de hukuk guramalary bu aýyplamanyň ony ýazan makalalary sebäpli jezalandyrmak üçin toslanandygyny aýdýarlar.

Žurnalisti goraýan “Agora” kanun kömegi toparynyň aklawçysy Pawel Çikowyň sözlerine görä, Iwan Golunow “uly möçberde” neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplandy. Moskwa sudunyň 8-nji iýun güni giçlik Golunowyň saklanmak möhletini uzaltmagyna garaşylýar.

Düýbi Latwiýada ýerleýän garaşsyz "Meduza" habar saýtynyň işgäri Iwan Golunowyň Moskwada bikanun neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplanyp tussag edilendigini ilki onuň aklawçysy habar berdi.

Ol öz müşderisiniň urlandygyny we aýyplamalary ret edýändigini aýtdy.

Golunowyň aklawçysy Dmitriý Džulaý polisiýanyň öz müşderisini 6-njy iýun güni öýlän Moskwanyň merkezinde tussag edendigini, biraz soňra onuň arka sumkasyndan içinde neşe bardygy çaklanylýan haltajygyň "tapylandygyny" aýtdy. Golunow bu haltajygyň özünikidigini ret etdi diýip, Džulaý aýtdy.

Džulaý Golunowyň urlandygyny we ençeme sagatlap öz aklawçysyna, garyndaşlaryna jaň etdirmän saklanandygyny hem gürrüň berdi. Aklawçynyň derňew üçin Golunowyň dyrnaklaryny almak, ýaralaryny hasaba almak üçin lukmanlary çagyrmak barada eden talaplary hem polisiýa tarapyndan ret edildi.

Çikow Golunowa sereden lukmanyň onuň gapyrgasynyň döwlen bolmagyndan, beýni sarsmasyndan we gemotomadan ejir çekmeginden alada galandygyny aýtdy.

Polisiýanyň 8-nji iýundaky beýanatynda Golunowyň medisina barlagy üçin hassahana alnyp gidilendigi aýdyldy.

36 ýaşly žurnalist Moskwa resmileriniň arasyndaky ýokary derejeli korrupsiýany derňedi diýip, "Meduza" aýtdy we bu jenaýat işiniň onuň žurnalistlik käri bilen baglydygyna ynanýandygyny nygtady.

Rus we halkara žurnalist we hukuk guramalary Moskwada we onuň töweregindäki regionda resmileriň arasynda bar diýilýän korrupsiýa işlerini derňemek bilen tanymallyk gazanan Golunowy goramaga howlukdylar.

Amnesty Internationaliň, Halkara Günä geçiş guramasynyň Orsýetdäki edarasynyň direktory Nataliýa Zwýagina (Natalia Zviagina) “Iwan Golunowyň tussag edilişiniň daşyndaky ýagdaýlar gümürtik görünýär we şol bir tanyş we hopukdyryjy hokgalary ýatladýar... Hemme zat häkimiýetleriň öz nyşanalaryny türme tussaglygyna höküm etmek maksady bilen neşe maddalaryny atýandygyny yşarat edýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG