Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşe satmak synanyşygynda aýyplanan rus žurnalisti öý tussaglygyna höküm edildi


Tanymal rus derňewçi žurnalisti Iwan Golunow sud jaýynda.
Tanymal rus derňewçi žurnalisti Iwan Golunow sud jaýynda.

6-njy iýunda Moskwada neşe maddalaryny satmak aýyplamasy esasynda tussag edilen tanymal rus derňewçi žurnalisti Iwan Golunow suda çenli öý tussaglygynda oturmaly edildi.

Moskwa sudy 8-nji iýunda Golunowyň tussag edilmegine sanksiýa berdi, ýöne prokurorlaryň onuň türmede saklanmagy baradaky talabyny ret etdi.

Ol “uly möçberde” bikanun neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplanýar we günäli tapylan ýagdaýynda 10 ýyldan 20 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Golunow özüniň bigünädigini aýdýar we bu aýyplamalaryň öz işi zerarly, uly derejeli rus resmileriniň arasynda bar bolan korrupsiýa hakyndaky makalalary üçin jezalandyrmak maksady bilen toslanandygyny öňe sürýär.

Nikulino etrap sudunyň sudýasy Mihail Maksimow Golunowyň 7-nji awgusta çenli öý tussaglygynda saklanmagy barada karar çykardy.

Golunow şondan soň bada-bat boşadyldy we onuň sud binasyny terk etmegine rugsat berildi.

36 ýaşyndaky žurnalist düýbi Latwiýada ýerleşýän garaşsyz “Meduza” habar saýtynyň işgäri bolup, 6-njy iýunda Moskwanyň merkezinde saklandy.

Häkimiýetler onuň ýantorbsyndan neşe maddalaryny tapandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG