Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HDP lideri Orsýete garşy sanksiýalaryň gowşadylmak çagyryşyny ret edýär


Annegret Kramp-Karrenbauer

German kansleri Angela Merkeliň Hristian demokratik partiýasynyň lideri partiýadaş egindeşiniň Orsýete garşy sanksiýalary gowşatmak çagyryşyny ret edip, olaryň Moskwa Krym we gündogar Ukraina babatdaky çemeleşmelerini üýtgedýänçä saklanmalydygyny aýtdy.

Partiýa lideri Annegret Kramp-Karrenbauer 8-nji iýunda “Orsýet ol ýerdäki bolşuny üýtgedýänçä, o taýda ykdysady hyzmatdaşlygy üýtgetmek babatynda öwrüm etmek üçin ýer bolmaz” diýdi.

Onuň bu sözleri HDP boýunça partiýadaş ýoldaşy Maýkl Kretçmeriň (Michael Kretschmer), Germaniýanyň Saksony ştatynyň gubernatorynyň aýdan sözlerine garşy gelýär.

Kretçmer 7-nji iýunda Sankt-Peterburgdaky Halkara ykdysadyýet forumynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy we biraz soňra twitterde “gatnaşyklaryň gowulaşmagy üçin biziň sanksiýalary soňlamagymyz gerek” diýip ýazdy.

ÝB we ABŞ 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa edendigi we gündogar Ukrainada Kiýew hökümete garşy söweşýän separatistlere goldawy üçin Moskwa garşy maliýe sanksiýalaryny girizdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG