Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanyň futbol boýunça milli federasiýanyň ozalky başlygyny tussag etmek barada buýruk çykaryldy


Owganystanyň futbol boýunça milli federasiýanyň ozalky başlygy Keramuddin Karim

Owganystanda ýurduň futbol boýunça milli federasiýanyň ozalky başlygyny, ýyllar boýy aýal oýunçylary jynsy zorluga sezewar edendigi baradaky aýyplamalaryň esasynda, tussag etmek baradaky buýruk haty çykaryldy.

Içeri işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, Keramuddin Karimini tussag etmek baradaky buýruk 9-njy iýunda çykarylypdyr.

Kariminiň ýerleşýän ýeri häzirlikçe belli däl.

Mundan bir gün öň, dünýä boýunça futbola gözegçilik edýän gurama Karimä garşy ömürlik gadagançylyk girizipdi.

Azyndan bäş owgan aýal futbolçysy 2013-2018-nji ýyllar aralygynda Karimi tarapyndan jynsy zorluga sezewar bolandyklary barada maglumat beripdiler.

“Karimi FIFA-nyň etika kadalaryny bozup, öz wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda we dürli aýal oýunçylara jynsy zorluk görkezmekde günäli tapyldy” diýip, FIFA-nyň 8-nji iýunda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Mundanam başga, Karimä 1 million şwed franky, ýagny 1 million dollar möçberinde jerime salyndy.

XS
SM
MD
LG