Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýoýewiň ogly, giýewleri hem agtygy Dubaý emiriniň ogullarynyň toýuna gitdiler


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewň ogly, giýewleri hem agtygy Dubaýyň emiriniň ogullarynyň toýunda. Surat Otabek Umarowyň Instagram sahypasyndan alyndy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewň ogly, giýewleri hem agtygy Dubaýyň emiriniň ogullarynyň toýunda. Surat Otabek Umarowyň Instagram sahypasyndan alyndy.

Özbegistanyň prezidentiniň 10 ýaşly ogly Alişer Mirziýoýew we onuň iki giýewi Oýbek Tursunow hem Otabek Umarow, şeýle hem döwlet ýolbaşçysynyň agtygy Miromon Birleşen Arap emirliginiň wise-prezidenti hem premýer-ministri, Dubaýyň emiri Şeýh Muhammad bin Raşid al-Maktumyň 6-nji iýunda bellenýän toýuna gatnaşmaga gitdiler.

Prezident maşgala agzalarynyň Şeýh al-Maktumyň oglunyň toýuna gatnaşýandygy Şawkat Mirziýoýewiň kiçi giýewi Otabek Umarow toýdan düşürilen fotosuraty Instagramdaky öz sahypasynda goýansoň mälim boldy.

Suratdan görnüşine görä, Dubaýyň emiri elini Mirziýoýewň oglunyň arkasyna goýup dur. Özbegistanyň döwlet ýolbaşçysynyň giýewleri bolsa dubaýly öýlenýän ýigitleriň hatarynda durlar.

Ýatlatsak, Özbegistanyň prezidentiniň uly giýewi Oýbek Tursunow prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň 1-nji orunbasarydyr. Onuň ikinji giýewi Otabek Umarow prezidentiň Howpsyzlygy gullugynyň ýolbaşçysynyň 1-nji orunbasarydyr.

Dubaýyň emiriniň ogullarynyň toýuna gatnaşýan prezident maşgalasynyň agzalary Özbegistanyň hökümeti tarapyndan gatnaşýarlarmy ýa-da şahsy çakylyk bilen bardylarmy – ol belli däl. Özbegistanyň prezidentiniň Metbugat-gullugy Mirziýoýewiň maşgalasynyň erkek tarapynyň Dubaýdaky 1-nji maşgalanyň toýuna gatnaşýandygy barada habar bermedi.

Dubaýyň emiri Remezan haýydy Id-al-Fitra baýramynda üç ogluny birden öýerdi. Toýa esasan arap döwletlerinden gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Toý dabaraly ýagdaýda Bütindünýä söwda merkezinde geçdi. Köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, eger Dubaýyň emiriniň maliýe ýagdaýy nazara alynsa, onuň ogullarynyň toýy diýseň sada geçipdir.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň mart aýynda Birleşen Arap Emirligine sapary wagtynda, Dubaýyň emiri Şeýh Muhammad bin Raşid al-Maktum bilen duşuşypdy.

Şonda Özbegistanyň mediasy döwlet ýolbaşçysynyň BAE saparynyň «netijeli» bolandygyny habar berdi. Saparyň jeminde birnäçe möhüm ylalaşyklara, şol sanda inwestisiýa proýektleri, 10 milliard dollarlyk möçberdäki programmany amala aşyrmak ylalaşyklaryna gol çekilipdi. Resmi maglumatda şol bahalaryň näçe möçberiniň Özbegistana degişli boljagy mälim edilmändi.

Özbegistany dolandyrýan ýokary gatlak baryp prezident Islam Karimow döwründen bäri Şeýh hem Dubaýyň emiri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

Azatlyk Radiosynda bolan Dubaýyň gozgalmaýan baýlyklar baradaky reestrinden mälim bolşuna görä, ýurduň öňki we häzirki ýolbaşçy agzalary Dubaýda hasapda durýan örän gymmat bahaly gozgalmaýan emläge eýedirler, ol kompaniýalaryň Dubaýyň banklarynda hasaby bar.

Islam Karimowyň häkimiýeti ýyllary döwründe iri işewürleriň agyr ykdysady jenaýat edendikleri tankytlanypdy we olaryň Dubaýdan başpena alandyklary aýdylypdy.

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň materialy.

XS
SM
MD
LG