Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pompeo, Bahtadze ABŞ-gürji gatnaşyklaryny maslahat edýärler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtonda Gürjüstanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze bilen duşuşyp, “iki taraplaýyn meseleleriň gerimini” maslahat eder.

Döwlet departamentiniň 10-njy iýunda beren maglumatyna görä, ABŞ Gürjüstanyň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionynda geçirilen parlament saýlawlarynyň kanunylygyny we “ondan gelip çykýan netijeleri” ykrar etmeýär.

“Biziň Günorta Osetiýa babatyndaky pozisiýamyz üýtgewsizligine galýar. Bu regionlar Gürjüstanyň aýrylmaz bölegidir” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Morgan Ortagus belledi.

Ol ABŞ-nyň “Gürjüstanyň özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligi” goldaýandygyny hem tekrarlady.

9-njy iýunda Günorta Osetiýanyň milli parlamenti diýlip atlandyrylýan 34 orundan ybarat gurluşa saýlaw geçirilip, oňa 100 töweregi kandidat dalaş etdi.

Tblisi bu saýlawlary ýazgaryp çykyş etdi.

Moskwa 2008-nji ýylyň awgustynda Gürjüstan bilen Russiýanyň arasynda turan gysga wagtlyk uruşdan soň, Gürjüstanyň Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlaryň garaşsyzlyklaryny ykrar etdi we şondan bäri bu sebitlerde özüniň müňlerçe esgerini ýerleşdirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG