Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud çeçen aktiwistini möhletinden ir azatlyga goýbermek barada höküm çykardy


Çeçen aktiwisti Oýub Titiýew
Çeçen aktiwisti Oýub Titiýew

Russiýanyň Çeçenistan regionynyň Şali şäheriniň sudy tussaglykdaky adam hukuklary boýunça çeçen aktiwisti Oýub Titiýewi möhletinden ir azatlyga goýbermek baradaky hökümi çykarandygyny mälim etdi.

Sud Titiýewi tussaglykdan boşatmak baradaky kararyny 10-njy iýunda yglan etdi. Hökümiň 10 günüň içinde güýje girmegine garaşylýar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Memorial toparynyň Çeçenistan boýunça edarasynyň ýolbaşçysy 61 ýaşly Titiýew 2018-nji ýanwarynda tussag edilipdi. Şonda polisiýa onuň ulagyndan marihuanany tapypdy.

Titiýew we Memorial neşe serişdesiniň toparyň Çeçenistandaky işini togtatmak maskady bilen ýörite oklanandygyny aýdýarlar.

Martda Şaliniň sudy Titiýewi bikanun neşe gaçakçylygynda günäli tapyp, ony dört ýyl mejbury zähmet koloniýasyna höküm edipdi.

Titiýew we onuň goldawçylary aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdyp, olary ret etdiler.

Halkara hukuk toparlary Titiýewiň sud diňlenişigini ýazgaryp çykyş edipdiler.

XS
SM
MD
LG