Russiýanyň meşhur şahsyýetleriniň topary suda çenli öý tussaglygyna höküm edilen derňewçi žurnalist Iwan Golunowy goldap çykyş etdiler. Bu aralykda, 12-nji iýunda Moskwada Golunowyň azat edilmegi ugrunda ýörişi geçirmek göz öňünde tutulýar.
Golunow “uly möçberde” neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplanýar. Žurnalistiň özi bulary ret edýär.
Rep we rok ýyldyzlary, meşhur kino oýunçylary wideo ýazgylar arkaly 36 ýaşly Golunowa öz goldawyny bildirdiler. Olar žurnaliste bildirilýän aýyplamalaryň esassyzdygyny we syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdyp, rus resmilerinden olaryň aradan aýrylmagyny soradylar.
Golunowy goldap çykyş edenleriň arasynda belli repçi Oxxxymiron, DDT toparynyň öňdebaryjy agzasy Ýuriý Şewçuk, sazanda Boris Grebenşikow we režisýor Andreý Zwýaginsew dagy hem bar.
12-nji iýundaky ýörişiň guramaçylary Golunowa bildirilýän aýyplamalaryň aradan aýrylmagyny we toslanandygy aýdylýan aýyplamalaryň arkasynda duranlaryň jezalandyrylmagyny talap etjekdiklerini aýtdylar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.