Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidentlik saýlawlarynda Tokaýew ýeňiş gazandy


Gazagystanyň täze saýlanan prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy irki prezidentlik saýlawlarynyň ahyrky netijelerini yglan edip, geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýeňişini tassyklady.

Ýurduň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan geçiş prezidenti hökmünde saýlanan Tokaýew sesleriň 70.96%-ni alypdyr.

Ozalky žurnalist Amiržan Kosanow sesleriň 16.23%-ni alyp, ikinji orny eýeledi.

9-njy iýunda energiýa serişdelerine baý Merkezi Aziýa ýurdunda geçirilen saýlawlarda hökümete garşy ýüzlerçe asuda protestçiniň tussag edilmegi ses berişliklere kölege saldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG