Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barlaglar Owganystanyň dünýäde 'iň parahatçylyksyz' ýurt bolandygyny görkezýär


Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary. Kabul. Arhiw suraty

Soňky geçirilen barlaglara görä, dünýä soňky bäş ýylda birinji gezek “örän azajyk” köp parahatçylykly boldy, emma Ýakyn Gündogardaky konfliktler, terrorçylygyň ýokarlanmagy, bosgunlaryň sanynyň artmagy we beýleki faktorlar zerarly on ýyl öňküsinden “düýpli derejede parahatçylyksyz” boldy.

Ykdysadyýet we Parahatçylyk institutynyň 12-nji iýunda çap edilen ýyllyk Global parahatçylyk indeksinde Islandiýa 11-nji ýyl tapgyr dünýäniň iň parahatçylykly döwleti boldy.

Bu ýurt indeksiň iň başyndaky Täze Zelandiýa, Awstriýa, Portugal we Denmark bilen bile gelýär.

Indeksiň iň aşagynda Siriýa bilen ornuny çalşan Owganystan gelýär, Siriýa indi dünýäde ikinji orundaky az parahatçylykly ýurt bolup durýar.

Düýbi Awstraliýada ýerleşýän ylmy-barlag institutynyň netijelerine görä, bu ýurtlar Günorta Sudandan, Ýemenden we Yrakdan soňky orunlarda durýar.

Ykdysadyýet we Parahatçylyk instituty parahatçylygyň ýokarlanmagynyň iň ýokary görkezijileriniň Orsýetde we Ýewraziýa sebitinde bolandygyny, Ukrainadaky dartgynlyklaryň gowşatmat netijesinde “konfliktde ölenleriň sanynyň azalandygyny” aýdýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG