Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň güýçlenýän köpçülikleýin migrasiýasyny nähili azaldyp bolar? 


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistandan syzyp çykan resmi maglumatlaryň görkezmegine görä, soňky on ýylda ýurtdan 2 milliona golaý türkmen raýaty daşary ýurtlara çykyp, şol ýerlerde işlemäge galdy. Resmi taýdan tassyklap bolmaýan käbir maglumatlara görä, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistandan çykan we ýene çykmak isleýän adam “örän kän”.

Ýerli synçylaryň we Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen türkmen migrantlarynyň köpüsiniň tassyklamagyna görä, güýçlenen köpçülikleýin migrasiýanyň esasy sebäbi ýurtdaky işsizlik, işleýän adamlaryň hem aýlyk gazanjynyň maşgala eklärden az bolmagy bilen bagly.

Eýsem, siziň pikiriňizçe, türkmenistanlylaryň köpçülikleýin migrasiýasyny kanuny esasda, hereket azatlygyna çäklendirme girizmezden, adamlaryň islän ýerine gitmek we gelmek hukuklaryny sylamak bilen nähili azaldyp bolar.

Eger işsizlere kömek puly berilse, aýlyklaryň derejesi 3-4 esse ýokarlansa, iş ýerleri köpelse, ýurtdan gidýänler azalarmy ýa-da bu meselede has giň gerimli çäreleriň görülmegi zerurmy?

Eger islese, türkmen hökümetinde häzirki günde, ykdysady kynçylykda içinde, raýatlary iş, gazanç mümkinçilikleri bilen üpjün etmek mümkinçiligi barmy ýa-da beýle mümkinçilik görmeýärsiňizmi?

Bu mesele boýunça anyk pikirleriňize, teklipleriňize garaşýarys. Eger telefonda söhbetdeşlik etmek isleseňiz, beýle mümkinçilik hem bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG