Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti ylmyň ösmegine 35 mln manat goýberdi


10 million dollaryň “gara bazar” kursunda 1,9 million dollar boljakdygyny aýdylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda, Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda alymlar bilen duşuşdy.

TDH döwlet baştutanynyň öňdebaryjy tehnologiýalar, täzelikler we ylmyň gazananlary esasynda, ýurduň sosial-ykdysady ösüşinde alymlaryň roluny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga çagyrandygyny habar berýär.

Prezident ylmy açyşlary maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylmy ösdürmek gaznasyny döretmek baradaky karara gol çekip, oňa 35 million manat goýberdi.

TDH munuň 10 million dollara barabar serişdedigini belleýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu maglumaty kommentirläp, Türkmenistanda erkin walýuta konwertasiýa mümkinçiliginiň ýokdugyny we “gara bazar” kursunda bu 10 million dollaryň 1,9 million dollar boljakdygyny aýdýar.

Mundan öň türkmen prezidenti TAH-yň işinden örän nägiledigini aýypdy

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG