Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Trampy S-400 üçin temmi bermezlige yraryn diýip umyt edýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Birleşen Ştatlary, Ankaranyň Orsýetden raketa gorag ulgamyny almak kararyna temmi hökmünde, öz ýurduny F-35 söweş uçarlary programmasyndan çykarmak haýbatyndan el çekmäge yraryn öýdýändigini aýtdy.

Erdogan 12-nji iýunda “bu meseläni telefonda maslahatlaşmak we ony häzirki ýagdaýyndan bu işlere başlan wagtlaryndaky halyna getirmek isleýändigini” aýtdy.

Erdogan prezident Donald Tramp bilen 20-ler toparynyň Ýaponiýada, 28-29-njy iýunda geçjek sammitiniň gapdalyndan duşuşmagy planlaşdyrýar. Emma türk lideri ABŞ prezidenti bilen 13-nji iýunda telefonda gürleşjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar Türkiýä Orsýetde ýasalan S-400 raketa gorag ulgamyny satyn almak baradaky ylalaşygyndan el çekmegi üçin 31-nji iýula çenli wagt berdi ýa-da onuň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky F-35 söweş uçarlary taslamasyndan çykmaly boljakdygyny aýtdy.

Ankara bu uçarlardan 100 sanysyny öz goşunlarynyň ulanmagy üçin satyn almagy planlaşdyrýardy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG