Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly hukuk goraýjynyň global goldawyna 1 milliondan gowrak adam goşulýar


Nasrin Sotoudeh
Nasrin Sotoudeh

Halkara günä geçiş guramasy, “Amnesty International” dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda we territoriýasynda eýran häkimiýetleriniň tanymal hukuk goraýjy aktiwist Nasrin Sotoudehi azat etmegine çagyrýan petisiýa 1 milliondan hem kän adamyň gol çekendigini aýdýar.

Ol jemi 38 ½ ýyl türme tussaglygyna we 148 dürre urulmagyna höküm edildi. Düýbi Londonda ýerleşýän hukuk gözegçiligi guramasy onuň iki sud seljerişliginiň hem “juda adalatsyz” bolandygyny aýdýar.

Onuň tussag edilmeginiň bir ýyllygyny belläp, 13-nji iýunda “Amnesty International” ýygnalan gollaryň dünýäniň çar künjegindäki eýran ilçihanalaryna gowşuryljakdygyny aýtdy.

Sotoudehiň tussag edilmegi “eýran häkimiýetleriniň repressiýasynyň näderejede çuňdugyny halkara arenasynda açyp görkezdi” diýip, guramanyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika bölüminiň barlaglar we wagyz direkdory Philip Lutheriň beýanatynda aýdylýar.

“Şu gün biz olara açyk habar iberýäris: dünýä seredýär we biziň kampaniýamyz Nasrin Sotoudeh azat edilýänçä dowam eder” diýip, Luther sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG