Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Trampyň durnuklylyga ‘çynlakaý’ howp abandyrýandygyny aýtdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bişkekde geçirilen sammitinde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Ştatlaryň hereketleriniň regional we global durnuklylyga “çynlakaý” howp abandyrýandygyny aýtdy.

Rohani bu baradaky çykyşyny 14-nji iýunda etdi. Bu Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Eýrany Omanyň deňiz kenaryndan ABŞ-nyň deňiz güýçleri bilen bilelikde barýan ýapon we norweg nebit tankerlerine hüjüm etmekde aýyplandan bir gün soňa gabat geldi.

Eýran bu hüjümler bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy. Rohani 13-nji iýundaky hüjümleri agzamady.

Rohani Trampyň Birleşen Ştatlary Eýranyň dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykarmak baradaky kararyna salgylanyp, Tähranyň ylalaşygy berjaý etmegi dowam etdirýändigini aýtdy we “ýadro ylalaşygynda saklanyp galan beýleki ýurtlardan hem öz borçlaryny derhal ýerine ýetirmegi” sorady.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG