Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýadaky metjitlere hüjüm etmekde aýyplanýan adam özüniň günäsizdigini aýtdy


Brenton Tarranty gorap çykyş edýän aklawçylar Jonathan Hudson (çepde) we Shane Tait
Brenton Tarranty gorap çykyş edýän aklawçylar Jonathan Hudson (çepde) we Shane Tait

Täze Zelandiýadaky iki metjitde 51 adamy öldürmekde aýyplanýan awstraliýaly adam özüne ýöňkelýän aýyplamalaryň ähli punktlary boýunça özüniň günäsizdigini aýtdy we bu sud işi boýunça nobatdaky diňlenişik 2020-nji ýylyň 4-nji maýynda diýlip kesgitlendi.

14-nji iýunda Kristçörç (Christchurch) şäheriniň Ýokary sudunda Brenton Tarrant 15-nji martda bolan waka bilen ilteşikli özüne ýöňkelýän adam öldürmek boýunça 51 aýyplamada, adam öldürmäge synanyşmak boýunça 40 aýyplamada we bir terrorizm aýyplamasynda günäsizdigini aýtdy.

28 ýaşly şübheli Oklendde ýerleşýän we ýokary derejede goralýan türmedäki kiçi otagyndan wideoaragatnaşyk arkaly sud diňlenişigine gatnaşdy. Onuň aklawçysy Shane Tait müşderisi Tarrantyň adyndan arzany tabşyrdy.

Mart aýynda amala aşyrylan hüjümde bir adam ýarym-awtomat ýaraglar bilen Kristçörç şäherinde juma namazyna baran musulmanlary nyşana aldy. Bu Täze Zelandiýanyň taryhyndaky iň ganly hüjüm boldy.

XS
SM
MD
LG