Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ÝHHG-daky missiýasy guramanyň Aşgabatdaky merkezine: Türkmenistanda adam hukuklary ýiti gysylýar


ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drožd.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky missiýasy guramanyň Aşgabatdaky merkezini Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň hem-de garaşsyz medianyň ösdürilmegini goldamak boýunça çäreleri geçirmäge çagyrýar.

Birleşen Ştatlaryň ÝHHG-daky missiýasynyň guramanyň Aşgabatdaky wekili Natalýa Drožda 13-nji iýunda iberen hatynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň hem-de esasy azatlyklaryň ýiti gysylýandygy aýdylýar.

“Birleşen Ştatlary ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň howpsuzlygyň ähli üç ugry, ýagny syýasy-harby, ykdysady-ekologik hem-de adam ölçegleri boýunça alyp barýan işlerine gowy baha berýär” diýlip hatda aýdylýar.

Hatyň mazmunynda Birleşen Ştatlary ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezini Türkmenistanda raýat jemgyýetini we garaşsyz mediany ösdürmek boýunça çäreleri geçirmäge çagyrýar.

“Bu iki sektoryň ikisi-de Türkmenistanda ösüp ýetişmedik hem-de hetdenaşa çäklendirilýär we biz şolary goldamagy öz içine alýan işleri goldaýarys” diýip, Birleşen Ştatlaryň ÝHHG-daky missiýasynyň guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drožduň adyna ugradylan hatda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG