Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada premýer-ministriň hökümeti çekildi


Moldowanyň Demokratik Partiýasy premýer-ministr Pawel Filipiň (sagda) hökümetiniň çekilýändigini mälim etdi.
Moldowanyň Demokratik Partiýasy premýer-ministr Pawel Filipiň (sagda) hökümetiniň çekilýändigini mälim etdi.

Moldowanyň Demokratik Partiýasy premýer-ministr Pawel Filipiň hökümetiniň çekilýändigini mälim etdi.

Partiýanyň wise-prezidenti Wladimir Çebotari bu barada Kişinewda geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy. Ol bu netijäniň bir hepde golaý wagt bäri dowam edýän syýasy krizisi çözmek maksady bilen kabul edilendigini belledi.

Dörän krizis Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn gatnaşyklary ileri tutýanlar bilen Russiýa ýykgyn edýänler tarapyndan syýasy taýdan bölünen we Ýewropanyň iň garyp ýurdy bolan Moldowanyň durnuksyzlygynyň üstüne urna bolupdy.

“Biz gapma-garşylygyň gazaplylyga ýazmagynyň öňüni almak üçin çekilýäris” diýip, Çebotari belledi.

Fewral aýynda geçirilen saýlawda hiç bir partiýa doly ýeňiş gazyp bilmän, koalisiýa ugrunda ençeme aýa çeken gepleşiklere getirdi.

7-nji iýunda ýokary kazyýet saýlaw netijeleri tassyklananyndan soňra üç aýyň içinde hökümet düzülmegini talap edýän kanuna salgylanyp, täze ses berişlik geçirilmeli diýip karar çykardy.

XS
SM
MD
LG