Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Saud şazadasy tanker hüjümlerinde Eýrany günäkärläp, ‘wehime çäre görmäge’ taýýardygny aýtdy


Muhammed bin Salman. Arhiw suraty

Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Oman aýlagynda iki nebit tankerine edilen hüjümlerde esasy garşydaş bolan Eýrany göni günäkärledi we öz ýurdunyň öz halkynyň bähbitleriniň garşysyna abanan howp-hatar babatda çäre görmekde ýaýdanmajakdygyny aýtdy.

“Eýran režimi Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Tährana eden saparyna hem hormat goýmady we ol heniz şol ýerdekä onuň tagallalaryna iki tankere hüjüm etmek bilen jogap berdi, ol tankerleriň biri Ýaponiýanyňky” diýip, Muhammed bin Salman araplara tarapdar “Aşark al-Awsat” gazetinde 16-njy iýunda çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Gazetiň maglumatyna görä, "Biz sebitde uruş bolmagyny islemeýäris.... Emma biz öz halkymyza, özygtyýarlylygymyza, toprak bitewiligimize we möhüm bähbitlerimize abanan islendik howp-hatar boýunça çäre görmekde birjik-de ýaýdanmarys” diýip, ol aýtdy.

Ol bu hadysalaryň halkara jemgyýetçiliginiň howp-hatarlara garşy durmak babatynda “aýgytly pozisiýa” eýelemegini talap edýändigini hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG