Türkiýe Orsýetiň S-400 ýer-asman raketa goragy ulgamynyň iýuldan başlap getirilip başlanjakdygyny aýtdy. Türk mediasy bu habary 16-njy iýunda, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň aýdan sözlerine salgylanyp ýaýratdy.
CNN Turküň maglumatyna görä, "Men [S-400-leriň] iýulyň birinji ýarymyndan getirilip başlanjagyna ynanýaryn” diýip," Erdogan aýtdy.
Ankaranyň Moskwa bilen eden söwdasy Türkiýe bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklaryň esasy çeşmesi boldy.
ABŞ S-400 raketalarynyň öz F-35 söweş uçary programmasyna wehim salýandygyny aýdýar we Türkiýä bu söwda sebäpli F-35-leri satmagyň gadagan ediljekdigini aýtdy.
Şeýle-de Waşington, eger rus raketa sistemasyny öz ýurduna getirse, Türkiýä garşy sanksiýa girizilmek ähtimallygyny duýdurdy.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Waşingtonyň bu söwda üstünde girizmegi mümkin islendik gadaganlygyna Ankaranyň gaýtawul berjekdigini aýtdy.