Pakistanyň harbylary özüniň aňtaw gullugyna täze başlygyň bellenendigini mälim etdiler.
Pudak-ara Aňtaw gullugynyň täze ýolbaşçysy hökmünde general-leýtenant Faiz Hameed bellenildi. Ol bu orunda general-leýtenant Asim Muniri çalyşar. Muniri bu wezipede sekiz aý oturypdy.
Harbylar kadr çalşygynyň sebäpleri barada hiç hili maglumat bermediler. Emma, bu armiýa ýolbaşçysy general Kamar Jawed Bajwanyň üç ýyllyk wezipe möhletiniň tamamlanmagyna birnäçe aý galan döwrüne gabat geldi.
Pakistanyň Pudak-ara Aňtaw gullugy goňşy Owganystanda we Hindistanda owgan “Talybanyny” we beýleki jeňçi toparlaryny ulanmakda aýyplanypdy.
Soňky döwür Gulluk Pakistandaky media serişdelerine basyş etmekde, geçen ýylky umumy saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirmek synanyşygynda we adam hukuklary boýunça iş alyp barýan aktiwistleri yzarlamakda aýyplandy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.