Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Prawoslaw Kilisesi Ýakaterinburgda kilise gurmak planlaryndan el çekdi


Ýakaterinburgyň metropoliti Kirill

Russiýanyň Prawoslaw Kilisesi Ýakaterinburgdaky dawaly sebitde kilisäni gurmak “hukugyndan” el çekýändigini yglan etdi.

Ýekaterinburgyň we Werhoturýeniň metropoliti Kiril beýanat ýaýradyp, onda “ýalanyň we galplygyň atmosferasynda” gürrüňi gidýän sebitde kilisäniň gurulmagy özara agzalalygyň döremegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.

Metropolit Kiril “şeýtana bu mümkinçiligi bermek” islemeýändigini aýtdy.

Mundan öň, Russiýanyň dördünji uly şäheri Ýekaterinburgda ýaşaýjylar meşhur seýilgähleriň biriniň ýerinde prawoslaw kilisesini gurmak planlaryna garşy çykyp protest geçiripdiler. Bu prezident Wladimir Putiniň bu mesele boýunça çykyş edip, taraplary umumy çözgüdi tapmaga çagyryş etmegine getiripdi.

22-nji maýda Swerdlowsk regionynyň sudy seýilgähde kilisäni gurmak planlaryndan el çekdi. Pikir soralyşyklaryň netijesine görä, adamlaryň 74%-i bu sebitde kilisäniň gurulmagyny oňlamandyr.

Geçen aý Ýekaterinburgda ençeme gije geçirilen protestleriň dowamynda polisiýa 100-e golaý demonstranty tussag edipdi. Olaryň aglabasy 2-15 gün aralygynda tussaglyga höküm edildiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG