Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro ylalaşygy boýunça alan borçlaryny ýene kemeltjekdigini aýdýar


Eýranyň Atom energiýa agentliginiň metbugat wekili Behrouz Kamalwandi
Eýranyň Atom energiýa agentliginiň metbugat wekili Behrouz Kamalwandi

Eýran öňümizdäki 10 günüň içinde urany 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynda göz öňünde tutulan derejesinden has köp öndürip başlajakdygyny mälim etdi. Bu barada Eýranyň Atom energiýa agentliginiň metbugat wekili çykyş etdi.

Behrouz Kamalwandi uranyň “ýurduň mätäçligine görä” baýlaşdyryljakdygyny hem sözüne goşdy.

Mundan iki gün öň, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň bu ylalaşyga gol çeken beýleki döwletlerden “oňyn yşaratlar” gelmese, Tähranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygy boýunça alan borçlaryny ýerine ýetirmegini kemeltjekdigini aýtdy.

Eýran maýda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çykarmak we sanksiýalary gaýtadan girizmek baradaky kararyna jogap edip, käbir borçlaryny ýerine ýetirmegi togtatdy.

XS
SM
MD
LG