Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklarynyň VISA kart çäklendirmeleri ilaty täze usullary oýlap tapmaga mejbur edýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň banklary tarapyndan VISA plastik kartlaryndan her aýda peýdalanyp bolýan puluň möçberine girizilen çäklendirmeler sebäpli türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary dowam edýär. Şeýle-de, bu çäklendirmeler raýatlary gazanç etmegiň täze usullaryny oýlap tapmaga mejbur edýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar beren habarçysynyň tassyklamagyna görä, raýatlar “FlyDubai”, “S7” we “Belavia” ýaly daşary ýurt howaýollary kompaniýalaryndan uçar biletlerini satyn alanda, VISA bank kartlary arkaly bir günde bilediň bahasynyň diňe 50 amerikan dollaryny töläp bilýärler. Raýatlar bilediň nyrhynyň galan bölegini tölemek üçin bu edaralara gazanç etmek üçin baran onlarça VISA kart eýelerine ýüzlenýärler.

“Flydubai howaýollary kompaniýasynyň edarasynda müşderileriň bilediniň bahasynyň galan bölegini töletmek üçin bu ýerde garaşyp duran türkmenistanlylaryň 6-7 sanysyny çagyrýarlar. Olaryň her biriniň VISA kartyndan 50 dollar alýarlar. Soňra müşderi bu adamlaryň VISA kartlaryndan alnan her 1 amerikan dollary üçin olara 8 manat töleýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 17-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçy munuň raýatlaryň ýurduň içinde VISA kartyndan gazanç etmegiň täze bir usulyny emele getirendigini belläp, bu howaýollary kompaniýalarynyň bilet satýan edaralaryna her gün onlarça adamyň üýşýändigini hem aýtdy.

“Bu ýere bilet almaga barýan adamlardan başga-da, öz VISA kartyndan pul çekdirmäge barýan adamlaryň sany hem az däl. Sebäbi raýatlar VISA kartlaryna resmi kurs bilen 3,5 manatdan pul serişdesini salýarlar. Soňra-da 8 manadyň hasabyndan nagt pul alýarlar. Adamlar şu usul bilen özlerine gazanç edýärler. Bu bilet satyn almaga barýan adamlar üçin hem amatly. Sebäbi olar dollary gara bazardan satyn alsa, onda 18,5 manat tölemeli bolýarlar” diýip, habarçy belledi.

Habarçy Russiýanyň “S7” howaýollary kompaniýasynda bolsa, raýatlar biledi satyn almak we onuň bahasyny tölemek üçin azyndan üç gezek öňünden nobata ýazylmaly bolýar diýýär. Bu barada kompaniýanyň edarasynda ýörite bildiriş hem asylyp, onda şeýle diýilýär:

“Hormatly ýolagçylar! Kartlardan [pul çekmek bilen bagly] limitleriň we ýagdaýlaryň kynlaşmagy sebäpli sizden aýda diňe üç gezek, yzly yzyna üç gün nobata ýazylmagy soraýarys. Bulardan soňky nobatlaryňyzy diňe 35 gün soňa ýazylyp bilersiňiz” diýlip, kompaniýanyň bildirişinde aýdylýar.

“Bu ýerde VISA kart bilen bir aýda üç gezek töläp bolýar. Eger üç gezekde bilediň bahasyny töläp bolmasa, onda indiki aýda nobata ýazylmaly bolýar ýa-da bilediň bahasynyň galan bölegini nagt görnüşinde tölemeli bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, Belarusyň “Belavia” howaýollary kompaniýasynyň “Teke bazaryndaky” edarasynyň işgärleri bilet satyn almaga baran türkmenistanlylaryň VISA kartlaryndan her aýda 240 amerikan dollary möçberinde pul çekip bilýärler.

“Bu howaýollary kompaniýasynda biletleriň bahasy limitden ýokary bolsa, onda raýatlar bilediň bahasynyň galan bölegini nagt tölemeli bolýarlar. Ýöne müşderiler 240 dollary hem VISA kartdan tölände, birnäçe günläp tölemeli bolýar. Sebäbi VISA kartdanbir tranzaksiýada ýa-da bir günde diňe 50 amerikan dollaryny töläp bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy käbir ýurtlara satylýan biletleriň bahasy barada hem maglumat berdi. “Flydubai” howaýollary kompaniýasy arkaly Dubaýa ýa-da Katara satylýan biletleriň bahasy 400 amerikan dollaryna barabar.

“Belavia” howaýollary kompaniýasy arkaly daşary ýurtlara diňe Minskiň üstünden tranzit uçup bolýar. Aşgabat-Minsk-Stambul reýsi üçin bilediň bahasy 420 amerikan dollaryna barabar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada “FlyDubai”, “S7” we “Belavia” howaýollary kompaniýalaryndan kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistanda walýutanyň nagt çalşygy 2016-njy ýylda resmi taýdan ýatyrylyp, 1 amerikan dollarynyň resmi kursy 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat möçberinde saklanyp galýan mahalynda, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esse ýokarlandy we 18,5 manada ýetdi.

VISA bank kartlary Türkmenistanyň raýatlaryna türkmen manadyny resmi kurs boýunça daşary ýurt walýutasyna öwürmäge we bu puldan ýurduň daşynda ýa-da ýurduň içindäki daşary döwletleriň kompaniýalarynda peýdalanmaga mümkinçilik berýän ýeke-täk ýollaryň biridir.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky öňünden duýdurmazdan VISA kartlaryndan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini ençeme gezek azaldypdy. Deňeşdirmek üçin aýtsak, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda bir gije-gündizde nagtlaşdyryp bolýan ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin peýdalanyp bolýan puluň möçberi 1000 amerikan dollaryna barabardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG