Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Owganystan TOPH geçirijisini giňeltmek ylalaşygyna gol çekdi


Owganystan. 23-nji fewral, 2018 ý. TOPH geçirijisiniň gurluşgyna badalga berilýär.
Owganystan. 23-nji fewral, 2018 ý. TOPH geçirijisiniň gurluşgyna badalga berilýär.

TOLOnews agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistandan gelen ýokary derejeli delegasiýanyň sapary netijesinde, 16-njy iýunda Hyrat welaýatynda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilendigi mälim boldy.

Turgundy-Hyrat we Akina-Andhoý demirýol taslamalaryny, Hyrat şäherine elektrik energiýasyny ibermek taslamasynygiňeltmek, şol sanda TOPH we TOP taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ylalaşyklara gol çekildi.

Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan 2016-njy ýylyň ýanwarynda 10 mlrd dollar bahalanýan TOPH taslamasynyň gurluşygyna başladylar diýip, habarda aýdylýar. Mundan ozal bu taslamanyň bahasynyň 8 mlrd dollar boljagy aýdylypdy.

Şu aralykda Pakistanyň TOPH-yň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berilmezden ozal, Türkmenistandan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini soraýandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG