Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Eýrana edilýän ‘ýokary derejedäki basyş metodlary’ diýýäni barada ABŞ-a duýduryş berdi


Pentagon tarapyndan ýaýradylan surat. Bu suratyň 13-nji iýunda Omanyň kenaryndaky suwlarda ABŞ-nyň deňiz harby dikuçary tarapyndan surata düşürilendigi aýdylýar.

Waşington bilen Tähran arasyndaky mümkin konfrontasiýa baradaky aladalaryň artmagy sebäpli Hytaý özüniň Eýrana edilýän “ýokary derejedäki basyş metodlary” diýýäni hakda, Birleşen Ştatlara duýduryş berdi.

Hytaýyň daşary işler ministri, hökümetiň baş diplomaty Wang Ýi Siriýanyň daşary işler ministri bilen Pekinde geçiren duşuşygyndan soňra Eýrany-da dünýäniň uly döwletleri bilen gelnen ýadro ylalaşygyndan çykmazlyga çagyrdy.

Sanksiýalary ýeňilleşdirmegiň deregine Eýranyň ýadro programmasyny çäklendiren halkara ylalaşygyndan amerikan prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylda birtaraplaýyn çekileli bäri Birleşen Ştatlar bilen Eýran arasyndaky gatnaşyklar dartgynly ýagdaýy başdan geçirýär.

Geçen hepdede Oman aýlagynda iki sany nebit tankerine edilen hüjümler hem ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmagyna getirdi. Waşington bu barada Eýrany aýyplaýar, Tähran hem bu aýyplamany berk ret edýär.

“Biz ähli taraplary oýlanyşyklylyga, sowukganlylyga, regionda dartgynlyk döretmegi mümkin her bir hereketden saklanmaga we ýagdaýy ýaramazlaşdyrmazlyga çagyrýarys” diýip, Wang aýtdy.

“Aýratyn-da, amerikan tarapy özüniň ýokary derejedäki basyş metodyny üýtgetmeli ... haýsy hem bolsa birtaraplaýyn edilen herekete halklara hukugynda esas ýok. Bu iş problemany çözmezlik bilen çäklenmän, gaýtam has uly krizisi döreder” diýip, Wang sözüniň üstüne goşdy.

17-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň harbylary goşmaça suratlar ýaýratdylar. Olar bu suratlar nebit tankerlerine edilen hüjümlere Eýran jogapkär diýilýänini tassyklaýar diýýärler.

Waşingtonyň aýtmagyna görä, suratlar wakanyň bolan ýerindäki subutnamany aýyrmak üçin edilýän synanyşyklary görkezýär.

Pentagon şol gün tankerlere edilen hüjüm sebäpli Ýakyn Gündogara ýene müň esger iberjekdigini aýtdy. Ol ýaragly güýçleri ibermekden “maksat Ýakyn Gündogarda howadan, deňizden we gury ýerden bolan howplardan goranmak” diýdi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bolsa bu aýdylýanlara oýlanyşykly çemeleşip, 18-nji iýunda telewideniýede eden çykyşynda, öz ýurdunyň “hiç bir ýurduň garşysyna uruş alyp barmajakdygyny” aýtdy.

Rohani şol bir wagtda-da Tramp administrasiýasyna niýetlenen gytaklaýyn ot açyşda “biziň garşymyzda duranlar bir topar az tejribeli syýasatçylar” diýdi.

Birleşen Ştatlar Eýranyň rewolýusiýa sakçylaryny-da hüjüm amala aşyrylan mahaly tankerlere gözegçilik eden amerikan dronyny atyp gaçyrmaga synanyşanlykda aýyplady.

17-nji iýunda Eýranyň ýadro energiýasy agentligi Tähranyň uran gory 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro geleşiginde bellenen mukdardan geljek on günüň içinde aşar diýdi. Agentligiň başlygy Behruz Kamalwandi Eýran Birleşen Milletler Guramasynyň halkara atom energiýasy agentligine öz ýadro desgalaryna gözegçilik etmäge häzirlikçe ýol berer diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Tramp 2015-nji ýyla degişli ylalaşyk “bütinleý kemçilikli”, onda Eýranyň ballistik raketa programmasy ýa Tähranyň terroristik guramalara berýän goldawy agzalanok diýýär.

Aprel aýynda Tramp Eýranyň rewolýusiýa sakçylaryny çet ýurt terroristik guramasy diýip yglan etdi. Bu Birleşen Ştatlaryň başga bir ýurduň harbylaryny terroristik topar diýip ilkinji gezek yglan etmegidir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG