Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Kiýewe has köp hemaýat berýär


Ukrain esgeri ABŞ-nyň tanklara garşy raketasyny atýar. 2018 ý.
Ukrain esgeri ABŞ-nyň tanklara garşy raketasyny atýar. 2018 ý.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti Ukrainanyň harby mümkinçiliklerini artdyrmak çäreleri üçin 250 million dollar çykarjakdygyny mälim etdi. Ukraina häzir özüniň gündogar sebitlerinde Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen söweşýär.

Pentagonyň ýaýradan beýanatyna görä, goşmaça ýaraglar we türgenleşik bilen Ukrainanyň deňiz we gury ýer güýçlerini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Russiýa separatistleri “çynlakaý serişdeler”, şol sanda 450 tank we 700 agyr serişdeler bilen goldaýar diýip, ABŞ-nyň Ukrainadaky ozalky ilçisi Jon Herbst (John Herbst) Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde çykyş etdi.

Herbst rus prezidenti Wladimir Putiniň Ýewropany we NATO-ny gowşatmak synanyşyklary diýip atlandyran hereketlerini böwetlemek üçin ABŞ-nyň Ukrainy has köp ýaraglar bilen üpjün etmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG