Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda uçar heläkçiliginde bir adam wepat boldy


Gazagystanyň kartasy

Gazagystanyň demirgazygynda ýeňil motorly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly pilot wepat boldy we iki adam ýaralandy.

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň aýtmagyna görä, Orsýetde öndürlen AN-2 kysymly uçar 20-nji iýunda ýurduň paýtagty Nur-Sultandan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän Rodina obasynyň golaýynda ýere gaçypdyr.

Ministrligiň maglumatyna görä, ýaralanan adamlar keselhana alnyp barylypdyr. Bolan hadysa boýunça derňew başlanypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG