ABŞ-nyň resmileri Eýranyň howa-ýer raketasynyň Hormuz bogazyndaky halkara howa giňişliginde harby drony urup gaçyrandygyny tassykladylar diýip ençeme media serişdesi habar berýär.
Reuters, Fox News we AP agentlikleri ABŞ-nyň anonim resmisine salgylanyp, ABŞ-nyň "MQ-4C Triton" kysymly harby-deňiz pilotsyz uçarynyň 20-nji iýunda urlup-gaçyrylandygyny habar berdiler.
Bu habarlar Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary korpusynyň (IRGC) ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň urlup-gaçyrylandygy barada ýaýradan beýanatynyň yzýanyna gabat geldi. Emma beýanatda bu ýagdaýyň Eýranyň Hormozgan günorta regionynda bolandygy aýdylýar.
ABŞ-nyň çeşmeleri dronyň halkara howa giňişliginde urlandygyny aýdýarlar.
"Ol günortadaky Kouhbobarak etrabynyň golaýynda Eýranyň territoriýasyna girende urlup ýere gaçyryldy" diýip, Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary korpusynyň websaýty Sepah News habar berýär.
IRNA döwlet habar agentligi urlan dronyň "RQ-4 Global Hawk" kysymlydygyny habar berdi.
Bu ýagdaý Waşingtonyň we Tähranyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenýän wagtyna we regionda potensial konflikt howpunyň döreýän döwrüne gabat geldi.