Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ MH17 uçarly wakanyň günäkärleriniň adalata çekilmegini talap etdi


2014-nji ýylda Ukrainada urlup-ýere gaçyrylan Malaziýanyň MH17 uçaryna degişli halkara derňewleriniň resmisi Wilbert Paulissen, Nieuwegein, 19-njy iýun, 2019
2014-nji ýylda Ukrainada urlup-ýere gaçyrylan Malaziýanyň MH17 uçaryna degişli halkara derňewleriniň resmisi Wilbert Paulissen, Nieuwegein, 19-njy iýun, 2019

ABŞ Malaýzianyň MH17 uçarynyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň territoriýasynda howada urlup ýere gaçyrylmagyna gatnaşygy bolmagynda güman edilýän dört adamyň aýyplanmagyny makullap, ony “hakykatyň gözlegindäki möhüm tapgyr" diýip atlandyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 19-njy iýunda eden beýanatynda Orsýeti BMG-niň talaplaryna "hormat goýmaga we berjaý etmäge" we "häzir Orsýete ýerleşýän aýyplanýanlaryň ählisiniň jogapkärçilige çekiljegini güwa geçmäge" çagyrdy. Halkara derňew toparynyň beýanatyny Ukraina hem goldady we Moskwany tragediýa boýunça jogapkärçiligi boýun almaga çagyrdy, Orsýet bolsa derňewleriň maksadynyň abraýyny gaçyrmakdan ybaratdygyny aýtmagyny dowam etdirýär.

Bir gün öň Gollandiýanyň derňewçileri Halkara derňew toparynyň (JIT) bäş ýyllap alyp baran işiniň netijesinde MH17 uçarynyň heläkçiligine üç sany orsýetliniň we bir ukrainalynyň jogapkärçilige çekiljekdigini yglan etdi. "Boeing 777" kysymly uçarda 298 adam wepat boldy.

Orsýet bu pajygaly waka öz gatnaşygyny ret edýär.

XS
SM
MD
LG