Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

New York Times: Tramp Eýrana harby zarba urmagy tassyklady, emma ‘birden’ missiýany goýbolsun etdi


“The Times” harby we diplomat resmileriniň zarba urulmagyna garaşandyklaryny aýtdy.

“The New York Times” ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň, Birleşen Ştatlaryň adamsyz gözegçilik dronyny urup ýykmagyna jogap edip, Eýrana garşy harby zarba urulmagyny tassyklady, emma “birden”, 20-nji iýun gijesinde bu missiýany goýbolsun etdi diýip habar berýär.

“The Times” öýlän sagat 7-de (Praga wagty bilen 21-nji iýunda, ir sagat 1-de) Ak tamda bolan “intensiw maslahatlardan we çekişmeden” soň, harby we diplomat resmileriniň zarba urulmagyna garaşandyklaryny aýtdy.

Bu maslahat bilen baglanynşykly ýokary derejeli adminstrasiýa resmileriniň bir toparyna salgylanan gazetiň maglumatyna görä, maslahata Trampyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri we kongres liderleri gatnaşdy.

Resmiler Trampyň başda Eýrandaky birnäçe nyşana, şol sanda radar we raketa batareýalaryna harby zarba urulmagyny tassyklady diýip, “The Times” habar berdi. Habarda aýdylmagyna görä, zarba 21-nji iýunda, daň atmazynyň öň ýanynda urulmalydy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG