Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz deputatlary öňki prezident Atambaýewiň eldegrilmezlik hukugyny ýatyrmaga ses berýärler


Ozalky prezident Almazbek Atambaýew Bişkekde korrupsiýa garşy çykyş edýär. Arhiw suraty

Merkezi Aziýanyň garyp ýurdunda barha ösýän häkimiýet darkaşynyň çäginde gyrgyz parlamenti ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň eldegrilmezlik hukugyny ýatyrmagy sese goýdy.

Kanun çykaryjylar Atambaýewiň wezipede wagty öz ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanandygy barada aýdylýanlar arasynda bu karary 100 deputatyň goldamagynda, 5 deputatyň garşy çykmagynda tassyk etdiler.

20-nji iýundaky ses berişlik Atambaýewe ýakyn ozalky resmileriň birnäçesiniň gyssanmaç tussag edilmeginiň yz ýanyndan, häzirki prezidentiň häkimiýetiniň berkitmeginiň çäginde guraldy.

Atambaýewiň Gyrgyzystany alty ýyllap dolandyran möhleti 2017-nji ýylda, onuň häkimiýeti özüniň ozalky premýer-ministri Sooronbai Jeenbekowa geçirmäge kömek etmegi bilen tamamlandy.

Atambaýew Jeenbekowyň öz syýasatyny dowam etdirmegine garaşdy, emma mirasdüşer basym onuň garşysyna çykyp başlady.

Parlament komissiýasy şu hepde Atambaýewi alty sany aýypda, şol sanda korrupsiýada aýyplady we bu ýagdaý 20-nji iýunda onuň eldegrilmesizliginiň aýrylmagyna sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG