Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti parlament eldegrilmezlik hukugyny aýyrmaga ses berenden bir gün soň öz mirasdüşerini, prezident Sooronbai Jeenbekowy we Bişkekdäki deputatlary tankytlady.
Ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň feýsbukda ýerleşdirilen beýanatynda parlamentiň ses berişligi “syýasy sebäpli” diýlip häsiýetlendirilýär. Şeýle-de Atambaýew “Jeenbekowyň özüni gaplaşdyrylan aýyplamalar bilen türmä basyp, öz esasy syýasy garşydaşyndan dynmak isleýändigini” aýdýar.
Atambaýew öz mertebesini we namysyny gorajakdygyny aýdyp, beýanatynda öz arassa at-abraýyna garşy hüjümlerde “bir ýyldan gowrak wagt içinde iň hapa usullaryň, iň hapa syýasatçylaryň we iň hapa gybatlaryň ulanylandygyny” öňe sürdi.
Gyrgyz kanun çykaryjylary 20-nji iýunda Atambaýewi kanuny jogapkärçilige çekilmezlik hukugyndan mahrum etmek baradaky karary tassykladylar. Bu çäre Atambaýewiň prezident wagtynda öz wezipesini bikanun peýdalanandygy barada aýdylýanlar arasynda görüldi.