Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Özbegistany dini çydamsyzlykda ýakasyny tanadan ýurtlaryň sanawyndan aýyrýar


Döwlet sekretary Maýk Pompeo 21-nji iýunda sözlän sözünde merkezi aziýa ýurdundaky öňegidişlige ünsi çekdi.
Döwlet sekretary Maýk Pompeo 21-nji iýunda sözlän sözünde merkezi aziýa ýurdundaky öňegidişlige ünsi çekdi.

Birleşen Ştatlar täze prezidenti günbatar ýurtlary bilen arasyny sazlamaga çalyşýan Özbegistany on ýyldan gowrak wagtda birinji gezek dini çydamsyzlykda iň bellentgi bolan ýurtlaryň sanawyndan aýrydy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo 21-nji iýunda, ABŞ-nyň ýyllyk halkara din azatlygy hasabatynyň çap edilmegi mynasybetli sözlän sözünde merkezi aziýa ýurdundaky öňegidişlige ünsi çekdi. “Entek edilmeli iş kän-de bolsa, Özbegistan 13 ýylda birinji gezek aýratyn alada döredýän ýurt diýlip kesgitlenmedi” diýip, Pompeo Waşingtondaky konferensiýada aýtdy.

"Biz has köp toparyň azat-erkin dini ynanjyny berjaý etmegi we çagalaryň hem öz ene-atalary bilen bile metjitde namaz okap bilmegi üçin hasaba alyş talaplarynyň kanuny taýdan reforma edilenini görmek isleýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew üç ýyl ozal häkimiýet başyna geleli bäri ýurdy öz awtoritar mirasdarynyň salan üzňeleşmesinden çykarmaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG