Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Efiopiýa lideri paýtagt daşyndaky agdarylyşyk synanyşygynyň öňüniň alnandygyny aýdýar


Efiopiýanyň premýer-ministri Abiy Ahmed. Arhiw suraty

Efiopiýanyň premýer-ministri öz hökümetiniň paýtagt Addis Ababadan daşardaky regionda döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň öňüni alandygyny aýdýar.

Premýer-ministr Abiy Ahmed 22-nji iýun güni giçlik döwlet eýeçiligindäki telewideniýede goşun generalynyň we ýurduň harby güýçleriniň içindäki başga adamlaryň bir toparynyň Ahmara regionynda döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşandygyny aýtdy.

Abiy ol adamlaryň käbiriniň operasiýa mahalynda öldürilendigini, beýlekileriniň ýaraly bolandygyny gürrüň berdi.

Birleşen Ştatlaryň ilçihanasy 22-nji iýunda Addis Ababadaky atyşyk baradaky maglumatlardan habarlydygyny aýtdy.

Efiopiýa Birleşen Ştatlaryň we beýlekileriň ynjalyksyz Afrika şahy sebitindäki esasy howpsuzlyk ýarany bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG