Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Saud Arabystanyna baryp, Eýran boýunça 'global koalisiýany' isleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 24-nji iýunda Saud Arabystanyna bardy. Onuň Eýran boýunça "global koalisiýany" döretmek boýunça Pars aýlagyna edýän bu sapary Birleşen Arap Emirliklerini öz içine alýar.

Pompeonyň 23-nji iýunda Waşingtondan gaýtmagyndan ozal žurnalistlere aýtmagyna görä, ol iki sany ýaran arap ýurdy bilen gepleşiklerinde "biziň ählimiziň strategiki ýaranlygymyzy nädip kepil geçjegimiz we nädip global koalisiýany döretjegimiz" barada maslahat etmekçi. Diňe bir aýlag ýurtlarynyň arasyndaky koaliisýa däl, eýsem Aziýa we Ýewropa arasynda ... dünýäniň iň uly terror sponsoryna garşy durmakda taýýarlyk boýunça" diýip, Pompeo belledi.

Pompeonyň aýdanlary prezident Donald Trampyň uzaga çeken dartgynlylygy gowşatmak üçin Waşingtonyň Tähran bilen şert goýmazdan gepleşiklere taýýardygyny aýdyp, eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny geçen ýylda yglan etmeginden soň ýurtlaryň arasynda dartgynlylyk döräpdi.

XS
SM
MD
LG