Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda polisiýa ofiseri we üç söweşiji öldürildi


Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky Loralaý etrabynda üýşen adamlar

Üç şübheli terrorçynyň Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky polisiýa merkezine kürsäp girip, hüjüm etmegi netijesinde dörän ok atyşykda bir polisiýa ofiseri we hüjümçiler öldi diýip, Pakistanyň häkimiýetleri aýdýarlar.

Etrap polisiýa bölüminiň başlygy Jawad Tarikiň sözlerine görä, 26-njy iýunda Loralaý etrabynda amala aşyrylan hüjümde başga-da azyndan bir polisiýa ofiseri ýaralandy.

Tarik wakada janyndan geçen iki hüjümçiniň öz keltekçelerindäki bombalaryny partladandygyny we olaryň üçünjisiniň hüjüme başlandan gysga wagt soň polisiýa tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Pakistanyň “Talyban” topary gysga beýanat ýaýradyp, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, emma jikme-jik maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG